- ezýet
- Fiziki ýa-da ahlaky, ruhy taýdan bolan horluk, gysylmaklyk, jebir, jepa, sütem, zulum.∙ Biz onuň üçin daýhana ezýet bermeris. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ýogsam, siz onuň bedenine biraz ezýet berip, onuň özüne laýykly, has agyr jezadan gutararsyňyz. (M. Ibarhimow, Ol gün geler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.